img
TÜRKMENİSTAN BÜYÜKELÇİLİĞİ
TÜRKİYE CUMHURİYETİ - ANKARA
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Çärä diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkiýäniň tanymal ýazyjy-şahyrlary we jemgyýetçilik işgärleri, talyp ýaşlar, türkmen diasporasynyň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtadylar. Şeýle hem gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Dabara gatnaşyjylarynyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak döwletde erkin we bagtyýar ýaşamak baradaky arzuwlary häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Munuň özi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasyny goýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde gazanyldy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.