RSS

GÜNCEL HABERLER

pic
12 Kas

Ankarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi. Geçirilen çärä halkara guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30...

DEVAMI
pic
7 Kas

Türkiýede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylmy-barlag merkeziniň maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi. Geçirilen çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän belli alymlar, edebiýatçylar, ylmy-barlag işgärleri, şeýle hem Türkiýäniň ylmy we medeni jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Merkeziň 2024-2025-nji ýyl...

DEVAMI
pic
6 Kas

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda, beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara, Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnaldy....

DEVAMI
pic
6 Kas

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderl...

DEVAMI
pic
5 Kas

Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny Türkiýe Respublikasy Prezidentiniň Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat bermek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezident Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat berilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bil...

DEVAMI
pic
17 Eki

Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähi...

DEVAMI
pic
14 Eki

Türkmenistan Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi Mekan Işangulyýew Afrika Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Mohamed El-Amine Souef bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistanyň Afrika ýurtlary bilen ýokary derejä çykan hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň subutnamasy hökmünde, şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar...

DEVAMI