Ankaranyñ iň beýik binalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen baýdagynyň reñkine bezeldi

photo

2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ankaranyñ iň beýik binalary bolan Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi.

Haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly gyzyl we ýaşyl baýdagynyñ aýdyñ çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy. Türkiýeniñ söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiñ binasynyñ beýikligi 140 m bolup, ol Ankaranyñ iñ beýik binalarynyñ biridigini we Türkiýe Respublikasynyñ möhüm işewür merkezidigini bellemek zerur.

Bu waka bolsa iki ýurduñ arasyndaky dostlugyñ we doganlygyñ nyşanydyr.