Ankaradaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Çagry Erhan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilen bagly möhüm meselelerine hem garaldy. Bu babatda, Ilçi M.Işangulyýew şu ýylyň dowamyndaky halkara derejesindäki çäreleriň we ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen türk tarapyny tanyşdyrdy.