Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlary bilen geçirilen maslahatynda hödürlendi

2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Afyon-Karahisar şäheriniň Söwda-senagat palatalary we biržalar bileleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan we Türkiýe: häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary» atly işewürlik forumy guraldy.
Bu çärä Türkiýäniň belli kompaniýalarynyň we döwlete degişli däl guramalaryň 100-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy. Forumyň maksady, Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Forumyň çäklerindäki çykyşynda Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini belledi.
Şeýle-de, Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine goldawlaryň berýändigi, işewürlik üçin dürli mümkinçilikleriň we amatly şertleriň döredilýändigi bellenildi. Şeýle hem, Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň işjeň alnyp barylýandygyny nygtady.
Işewür forumyň dowamynda gatnaşyjylar nebit we gazhimiýa, agrosenagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlara, Türkiýäniň işewirleri tarapyndan maýa goýumlaryny çekilmegi babatda özara pikir alyşdylar.
Şeýle hem, gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.
Bulardan başga-da, Afýon-Karahisarda geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew sebitiň dürli ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Şeýlelik-de, Afyon-Karahisar şäher häkimi Kubra Guran Ýigitbaşy bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça piker alyşyldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Sebit senagat zolagynyň ýolbaşçysy Bekir Ýeşilaý bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda söhbetdeşler türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny, şol sanda söwda we maýa goýum ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, Ilçi M.Işangulýew Kojatepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Karakaş we Afyon-Karahisar şäherindäki Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nurullah Okumuş bilen hem duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.