img
TÜRKMENİSTAN BÜYÜKELÇİLİĞİ
TÜRKİYE CUMHURİYETİ - ANKARA
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Türkmenistanyň Ilçisi YTB-niň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

photo

2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýewiň Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkleriň we garyndaş jemgyýetleriň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turus bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym, sport hem-de ýaşlar syýasaty boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatda özara düşünişmegiň ýokary derejesini hem-de hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler.

Iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilim maksatnamalaryny we akademiki alyş-çalyşlary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi.