TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER

2017-nji ýylyň 23-nji fewralynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, türk tarapynyň wekiliýetine Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym baştutanlyk etdiler.
Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, esasy üç meselä garaldy: ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin meseleler we iki döwletiň köpugurly syýasaty. Taraplar ähli ugurlar boýunça, aýratyn hem, syýasy we söwda-ykdysady düzümlerinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda,  syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada belläp, geljekde bu ugurda özara ylalaşykly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu çarçuwada ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti we wajyp orny barada aýratyn bellenilip geçildi. 
Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar sebitleýin we halkara häsiýetli meseleler boýunça we ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy bilelikdäki göreşi güýçlendirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. 
Günüň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly tarapyndan kabul edildi.