Türkiýäniň Kyrykkale uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideo konferensiýa maslahaty guraldy
Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2020-nji Türkmenistan Bitaraplygyň Mekany ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkiýäniň Kyrykkale uniwersitetiniň arasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly wideo şekilli maslahat guraldy.
Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Ilçihananyň wekilleri, Kyrykkale uniwersitetiniň rektory Ersan Arslan, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew, Türkiýäniň Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň Ykdysady we dolandyryş ylymlary fakultetiniň mugallymy hem-de Ankara krizis we syýasaty öwreniş merkeziniň başlygy Professor Doktor Mehmet Seýfettin Erol we agzalan uniwersitetleriň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň başynda, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň milli, sebit we halkara ölçeglerde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky ähmiýeti, şeýle hem Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň dünýä ösüşiniň gün tertibine girýän wajyp meseleler, hususan-da energiýa howpsuzlygy, ulaglar we ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça möhüm halkara başlangyçlary barada Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýewiň wideoslaýt arkaly giňişleýin çykyşy boldy.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew, bu uniwersitetiň mugallymy Nazar Mämmedow, Ankara krizis we syýasaty öwreniş merkeziniň başlygy Mehmet Seýfettin Erol, Kyrykkale uniwersitetiniň prorektory Mehmet Başalan hem-de çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusynyň ähmiýeti we halkara derejesindäki orny barada bellediler.