TÜRKIÝÄNIŇ KARABÜK UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde, bu uniwersitetde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew, Karabük uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Refik Polat, uniwersitetiň prorektorlary, professor-mugallymlary, türkmen talyplary hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Karabük uniwersitetiniň binasynda Ilçihana tarapyndan Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň gymmatly eserleriniň, fotosurat we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Bu sergide Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň onlarçasy ýerleşdirildi, Türkmenistanyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy.

Soňra Karabük uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk  ýubileýi boýunça konserti boldy.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi.   

Şeýle hem Karabük uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Refik Polat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Türkiýe üçin dost we dogan döwletdigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýändiklerini, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini we geljekde Karabük uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny isleýändiklerini belledi.

Soňra türkmen ýaşlarymyzyň tarapyndan taýýarlanan konsertde maksatnamasynda talyp ýaşlarymyz Ata-Watanymyz Türkmenistany wasp edýän şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, edebi-drama sahnalary we goşgular bilen çykyş etdiler. Medeni çärä gatnaşan talyp ýaşlarymyz bu çäräniň guralandygy üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.