BILDIRIŞ !!!

Hormatly Raýatlar!

Häzirki wagtda internet torlarynda (sosial mediýalarda) Türkiýe Respublikasynyň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň 2025-nji ýyla çenli uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada bellikleri etmegiň Tertibi» hakynda Buýrugy esasynda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň COVID-19 bilen baglylykda uzaldylan hereket ediş möhletiniň diňe 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýandygy barada gaýtadan ýatladýarys!

Şeýle hem, ýokarda agzalanlardan ugur alyp, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýan ýagdaýynda, raýatlara biometrik pasportlaryny täzelemekleriniň zerurdygyny mälim edýäris.

Şol bir babatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň, Içeri işler ministriniň we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany resmileşdirmegiň tertibi» hakynda çykaran bilelikdäki buýrugyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlary ýitirilen, ogurlanan, möhleti geçen ýa-da ulanyşa ýaramly bolmadyk halatynda (çip döwülen) şeýle-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlaryndan dünýä inen çagalara diňe öz döwletine dolanyp barmak maksady bilen «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň» resmileşdirilýändigini habar berýäris.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy