Türkiýede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylmy-barlag merkeziniň maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi.
Geçirilen çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän belli alymlar, edebiýatçylar, ylmy-barlag işgärleri, şeýle hem Türkiýäniň ylmy we medeni jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Merkeziň 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyran ylmy-barlag işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem gelejekki işleriň ugurlary, şol sanda bilelikdäki ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, täze ylmy işleri neşir etmek hem-de Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň guralmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäreniň çäklerinde, Türkiýede neşir edilen we Magtymguly Pyragynyň ömrüne, pelsepewi garaýyşlaryna hem-de döredijilik mirasyna bagyşlanan kitaplaryň we ylmy makalalaryň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Bu neşirleriň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de türkmen medeniýetini halkara giňişliginde beýan etmäge uly goşant goşandy nygtaldy.
Şeýle hem, geçirilen maslahatyň Türkmenistanyň taryhynyň aýratyn döwründe - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň we ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýändigi hem bellenildi.
Bu şanly seneler Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu ýörelgeleriň hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikirleri bilen, hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen doly sazlaşýandygyny görkezýär.