Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany», şeýle-de Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahat Ankara şäheriniň Söwda-senagat palatasynyň binasynda geçirildi.
Çärä Türkiýe Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara we jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem maslahatda ylmy-seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, ylmy we döredijilik jemgyýetçiligiň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň birinji mejlisinde 2026-njy ýylyň şygarynyň, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň wezipeleriniň logiki dowamy bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle-de häzirki şygaryň many-mazmunynyň diňe bir türkmen halkynyň taryhy köklerine bolan ygrarlylygy bilen däl-de, eýsem häzirki döwrüň obýektiw hakykatlary bilen hem şertlendirilýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halkara giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi bellenildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ýurduň halkara hukugyň ýörelgelerine we hukugyň üstünligine ygrarlylygyny açyp görkezýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň belent maksatlara ýetmek ýolunda ynamly öňe barýandygyny bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň abadançy we durnukly durmuşyny üpjün etmek yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler.
Maslahatyň ikinji mejlisiniň dowamynda gatnaşyjylar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlary, özara maýa goýumlaryny nebitgazhimiýa senagata, oba hojalyk toplumyna, ulag-logistika ulgamlaryna, şeýle hem telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryna çekmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň hususy pudagy ösdürmäge we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly ähmiýet berýändigi, işewürlik alyp barmak üçin dürli ýeňillikleriň we amatly şertleriň döredilýändigi bellenildi.