Türkiýäniň Parlamentinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkmen-Türk parlamentara dostluk topary tarapyndan bu ýurduň Mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkiýäniň Mejlisiniň türkmen-türk dostluk toparynyň başlygy, deputat Ibrahim Aýdemir we agzalary bolan deputatlar Bedri Ýaşar, Sami Çakyr, Ekrem Çelebi, Ibrahim Aýdyn, Mejlisiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ilhan Iren, daşary gatnaşyklar bölüminiň wekilleri, Ilçihananyň işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatynyň başynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ilçi I.Amanlyýewiň giňişleýin çykyşy boldy. Çykyşda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakdaky orny, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly alyp barýan halkara işleri we hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berildi. Aýratyn-da, Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň möhüm halkara başlangyçlary we olaryň dünýä syýasatynyň gün tertibinde durýan möhüm meseleler bilen baglynyşyklydygy barada beýan edildi.

Dostluk toparynyň başlygy I.Aýdemir Türkmenistanyň bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, onuň dünýä derejesinde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde giň orun tutýandygyny aýtdy. Ol Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada nygtap, ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ikitaraplaýyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, galyberse-de parlamentara gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berýändigini mälim etdi.

Maslahatda Türkiýäniň Parlamentiniň deputatlary Türkmenistanyň  Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýi bilen gutladylar hem-de ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde netijeli halkara gural bolup hyzmat edýändigini belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň edara binasynyň öňünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik surata düşüldi.