Ankarada Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda bellenýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Medeni işler we gatnaşyklar boýunça baş müdiri Deniz Çakar we bu ministrligiň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Ali Kaan Orbaý, TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Ankara şäher häkiminiň orunbasary Serdar Çyýgyn, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sultan Raýew, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Çiliniň Türkiýedäki Ilçileri, Türkiýede ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem çärä Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň  wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň, TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanda işleýän türk şereketleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we raýatlarymyz hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli çäreler we ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyzyň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi, ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça giňmöçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Ilçi şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararynyň esasynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda uly joşgun bilen bellenip geçiljekdigini, bu ugurda taýýarlyk işleriniň häzirki günden başlanandygyny mälim etdi. 

Dabaraly çärede TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Medeni işler we gatnaşyklar boýunça baş müdiri Deniz Çakar, Ankara şäher häkiminiň orunbasary Serdar Çyýgyn, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sultan Raýew we Stambul uniwersitetiniň dosenti Dr. Nurjan Güder çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlap, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň we edebi mirasynyň türk dünýasi, Gündogaryň halklary we bütin dünýä üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Beýik şahyryň öz eserleri bilen dünýäniň ähli haklaryny dost-doganlyga çagyrýandygyny bellediler.

Türkiýäniň resmi wekilleri Türkmenistanyň Türkiýe üçin dost we dogan döwletdigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýändiklerini bellemek bilen, Magtymguly Pyragynyň öz eserleri bilen iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösmegi üçin şamçyrag bolup hyzmat edýändigini aýtdylar.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli naharlary hödür edildi.