LATEST NEWS
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderl...
Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny Türkiýe Respublikasy Prezidentiniň Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezident Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat berilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bil...
Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähi...
Türkmenistan Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi Mekan Işangulyýew Afrika Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Mohamed El-Amine Souef bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistanyň Afrika ýurtlary bilen ýokary derejä çykan hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň subutnamasy hökmünde, şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar...
Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Addis Abebada şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşykda Protokol müdirliginiň ýolbaşçysy Ilçiniň wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi M.Işangulyýew öz gezeginde,...
Ankaranyñ iň beýik binalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen baýdagynyň reñkine bezeldi
2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ankaranyñ iň beýik binalary bolan Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi. Haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly gyzyl we ýaşyl baýdagynyñ aýdyñ çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy. Türkiýeniñ söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiñ binasynyñ beýikligi 140 m bolup, ol Ankaranyñ iñ beýik binalarynyñ biridigini we Türkiýe Resp...
Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky energetika we söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze geljegi» atly maslahat gurnaldy. Maslahat Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylar...