SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň daşary işler ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek ugruny tassyklaýarlar
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...
Kanadanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halka...
Bangladeşiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi M.Amanul Hakdan (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýag...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habar
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda açyk we aýdyň içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunuň bilen, biziň ýurdumyz döwlet gurluşynyň esaslaryny berkitmäge, köp ugurly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm jemgyýetçilik meseleleri çözmäge we türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýoluna berk eýerýär. Amatly daşarky şertleriň döredilmegi şeýle...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-dipl...