RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI SADYR ŽAPAROW STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Saparyň birinji gününde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Söwda-senagat edarasyna bardy, ol ýerde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdy hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy. Saparyň ikinji gününde, 28-nji iýunda ir bilen ýokary derejeli myhman onuň üçin niýetlenen rezidensiýasyndan Aşgabadyň merkezinde ýerleşen...

DOWAMY
pic
28 Iýun

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow Gypjak obasyna bardy we bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini...

DOWAMY
pic
28 Iýun

GYRGYZYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy. Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi.   Diplomatlar syý...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Ankarada Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda bellenýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirild...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkiýäniň Ýozgat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Ýozgat welaýat we şäher häkimlikleri bilen bilelikde Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde ýerleşýän beýik türkmen şahyry Magtymgul...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY SEBITI ÝURTLARYNYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Bir guşak, bir ýol” Başlangyjyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty geçirildi. “Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çärä Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň, Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri, şeýle-de halkara we sebit guramalaryň we...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELER BOÝUNÇA GEŇEŞINDE SYNÇY DEREJESINI ALDY

2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) Ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň komitetiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. CICA-nyň 27 sany agza-ýurtlaryndan ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň, şol sança synçy-ýurtlaryň, CICA-nyň synçy hem-de hyzmatdaş guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn mejlisiň ba...

DOWAMY