SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-d...
TÜRKMENISTANYŇ WE YHG-NIŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Hadi Süleýmanpur bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda YHG-niň işleriniň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin guramanyň beýleki agza-ýurtlary bilen hereketleriň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
“MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYNYŇ ÇÄKLERINDE RESMI WEKILLERIŇ 14-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Mejlisi Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda açdy. Ol bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer g...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen b...
OWGANYSTAN BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýaponiýanyň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili, Ilçi Katsuhiko Takahaşi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlaryny beýan etdiler. Owganystandaky ýagdaýyň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmagyny dowam edýändigi, şeýle-de sebit we halkara derejelerde durnuklylygyň hem-de howpsuz...
TÜRKMENISTAN WE ÝUNOPS – DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY
?Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasy ÝUNOPS-yň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen söhbetdeş boldy, ol ÝUNOPS-yň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi. 1. Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) – BMG-niň ulgamy üçin taslamalary durmuşa geçirýän bu guramanyň amallar boýunça bölümi bolup durýar. ÝUNOPS-yň esasy wezipeleri haýsylar? BMG-niň maşgal...
TÜRKIÝÄNIŇ KARABÜK UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde, bu uniwersitetde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew, Karabük uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Refik Polat, uniwersitetiň...