SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝANYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...
GADYMY DESSURLARA WE KÖPASYRLYK DOSTLUKLY GATNAŞYKLARA YGRARLYLYK
2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary iş...
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ DERWAÝYS UGURLARY KESGITLENILDI
2021-nji ýylyň Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, ýurduň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyga...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna gol çekmek dab...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI “C5+1” GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Şu gün, 23-nji aprelde «С5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygy geçirildi, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Wideomaslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «С5+1» işine gatnaşýan taraplaryň ählisiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa we beýleki ulgam...
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ SEBITINDE HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA DIALOG GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Halkara Ýer gününiň bellenilmegi mynasybetli göni wideoaragatnaşyk arkaly «Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog» geçirildi. Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ugurdaş ýokar...