SOŇKY HABARLAR
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...
BITARAPLYGA BAGYŞLANAN SAÝTA “TÜRKMEN SÄHRA – 2020” ATLY TÄZE BÖLÜM GIRIZILDI
Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny ählitaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişligi täze bölüm bilen dolduryldy. Hususan-da, ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen Sähra - 2020» täze maglumat çeşmesi açyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ulag pudagynyň ösdürilmegi we onuň sebit hem-de halkara ulag ulgamyna integrirlenmegi babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirdi. ...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNDA WIDEOÝÜZLENME BILEN ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk gur...
PEKINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI" ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDE TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ilçihanasy “PetroChina” kompaniýasynyň ýardam bermeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Nebit we Gaz Korporasiýasynyň (KNK) baş edarasynyň Kunlun kabul ediş zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, HHR-nyň Daşary işler ministrliginiň Ewropa we Merkez...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HALKARA HYZMATDAŞLAR BILEN BILELIKDÄKI TASLAMALARYŇ WE MAKSATNAMALARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ DEPGININI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler. Şu ýylyň mar...
TÜRKMENISTANYŇ WE GÜNORTA KOREÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY TAPGYRY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, günortakoreý wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Gunn ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikir...
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler – Ankara şäheriniň merkezi ekranlarynda
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär we bu wajyp sene mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär. Şunlukda, Ankara şäheriniň merkezi ekranlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada wideorolikler görkezildi. Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň...