SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik gecirildi. Birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigin...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agz...
TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory ha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI HYZMATDAŞLYGYŇ OŇYN GELJEGINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu nurana baýramyň bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gat...
AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...
AŞGABATDA BSG WE ÝUNISEF- IŇ KHBS-RI ÜÇIN PANDEMIÝANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI BOÝUNÇA NETIJELI MAGLUMAT ALYŞ-ÇALŞYGYNY ÜPJÜN ETMEK BARADA BILELIKDÄKI BRIFINGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt...