SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA TESWIRNAMA GOL ÇEKILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bell...
TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKIÝÄNIŇ BILIM MINISTRINIŇ GEŇEŞÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GURALDY
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkiýäniň Bilim ministriniň geňeşçisi doktor Gökhan Ýüjeliň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw jaýynyň, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin Sanly diplomatiýa boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi. Okuw sapagynyň barşynda doktor Gökhan Ýüjel häzirki wagtda bütin dünýäde diplomatik ulgamyň täze ugry bolan sanly diplomatiýa...
CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...
DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýt...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnam...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan we Owganystan Yslam Respublikasyndan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň Baş...