SOŇKY HABARLAR
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi. Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyr...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSG-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ADYNA IBEREN HATY BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen t...
DIM-IŇ BINASYNDA TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDAKY HALKARA BAŞLANGYÇLARYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň ýerine öwrülen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilh...
TÜRKMENISTANDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGINIŇ HUKUK BINÝADYNY GIŇELTMEK MESELELERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Medeniýet, Adalat ministrlikleriniň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda milli...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar MA5+Russiýa formatyndaky öňde duran üçünji ministrler derejesindäki mejlisiň gün tertibine degişlilikde hem pikirleri alyşdylar. Mejlise gatnaşyjy...