RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Maý

TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...

DOWAMY
pic
2 Maý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Wideoaragatnaşyk arkaly, ilki bilen, çykyş eden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, halk hojaly...

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNISEF-IŇ WEKILLERI BILELIKDÄKI RESMINAMANYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN DUŞUŞYK GEÇIRDILER

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen duşuşyk geçirildi.  Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika...

DOWAMY
pic
2 Maý

BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...

DOWAMY
pic
1 Maý

KHBS ÜÇIN HABAR

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi. Häzirki ýagdaýlarda özara go...

DOWAMY
pic
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly, Türkiýäniň Strategiki düşünjeler institutynyň başlygy, Y...

DOWAMY