RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Apr

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda milli maksatnamalarymyzy we...

DOWAMY
7 Apr

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...

DOWAMY
7 Apr

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Düýn “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady...

DOWAMY
7 Apr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýäris. Sizi sagdynlygy we ruhubelentligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň ruhubelentligiň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimi...

DOWAMY
6 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HIMIÝA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-TATAR GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Toplumlaýyn ykdysady ösüş Holdingi dolandyryjy kompaniýasy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda himiýa senagaty pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ý...

DOWAMY
6 Apr

WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA ÖZARAHEREKETLERIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideo-maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideo-duşuşyga ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.   Wideomaslahatyň barşynda taraplar ha...

DOWAMY
4 Apr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi...

DOWAMY