SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...
Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä Karabük welaýatynyň häkimi, Karabük uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary, bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, dürli jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Hormatly Pr...
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «ТRТ» teleradiokompaniýasy bilelikde Ankara şäheriniň Etnografiýa muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli widerolik hem-de TRT Awaz kanaly tarapyndan taýýarlanan “Ahalteke bedewi” atly dokumental filmi görkezildi. Bu medeni çärä Ilçihananyň wekilleri, kinofilmi taýýarlan toparyň...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNINE BAGYŞLANAN YLMY-PRAKTIKI MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-praktiki maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň d...
TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
AŞGABATDA SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Muhammed bilen duşuşyk geçirildi. Mähirli salamlaşyp, taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndak...
BITARAPLYGA BAGYŞANAN ÝANWAR AÝYNDAKY MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BA-NYŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar. Şeýlelikde, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de...