SOŇKY HABARLAR
Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreler barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat bermek maksady bilen brifing geçirildi. Brifinge Türkiýäniň Prezident...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin z...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA SPORT GURAMALARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilj...
TÜRKMENISTAN AWSTRIYADA GEÇIRILÝÄN HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Awstriya Respublikasynyň Wena şäherinde ýurduň iň iri we öňdebaryjy syýahatçylyk sergisi bolan “Ferien-Messe Wien” öz işine başlady. Bu sergi her ýylyň ýanwar aýynda Awstriýanyň paýtagtynda geçirilip, halkara syýahatçylyk pudagynyň häzirkizaman gazananlaryny köpçülige ýetiryär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden gelen syýahatçylyk kärhanalaryň 800-e golaý wekili gatnaşýar. Bu ýyl gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Döwletimiziň bu sergä gatnaşmagynda we s...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNEP-IŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, h...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYŇ DOWAMY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty öz işini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde plenar mejlislerinde dowam etdi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň we ýerli hem-de daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynd...