RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Dek

AŞGABATDA HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda küşt we badminton boýunça ýaryşlar geçirildi. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenis...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşgyň barşynda Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň adyna Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýollan çakylygy hem-de bu çäreleriň dowamynda görkezilen ýokary myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk haty gowş...

DOWAMY
pic
29 Noý

DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYKDA MERKEZI AZIÝA INTEGRASIÝASYNYŇ UGURLARY KESGITLENILÝÄR

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...

DOWAMY
pic
29 Noý

AŞGABATDA “STAMBUL PROSESSIŇ” ÇÄKLERINDE TEHNIKI TOPARLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosessiň çäklerinde “Sebit infrastrukturalary” atly ynamy berkitmek çärelerine gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, “Stambul prosessine” gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de bu başlangyjy goldaýan halkara guramalaryň ygtyýa...

DOWAMY
pic
27 Noý

Ussa Örebaý Annaýew: agajyň owazyny duýýan zehin eýesi

Saz gurallaryny ýasaýan ussanyň özem, adatça, gowy sazandadyr. Çünki bu gadymy inçe kärde işlemek üçin agaç ýonmak başarnygy ýetik däl, esasy agajyň goýydan üýtgeşik sesini, hoş owazyny aňmaga ukybyň bolmaly. Daşoguz şäherinden ussa Örebaý Annaýew diňe bir dutar ýasaman, eýsem çagalara saz çalmagy-da öwredýär. Ol otuz ýyldan gowrak wagt bäri Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde sapak berip gelýär. Şu ýyllarda belli sazandalaryň ençemesini ýetişdirdi, olaryň arasynda Türkmenistanyň at gaz...

DOWAMY
pic
26 Noý

Aşgabatly dokmaçylar dokalmaýan matanyň täze görnüşini özleşdirýärler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky dokma toplumy çykarýan önümleriniň görnüşlerini artdyrýar. Bu ýerde polipropilen süýümlerden maýyşgak şarjagazlardan gowulandyryjy we ýyladyjy hollofaýber öndürmek üçin enjam oturdyldy. Ball Fiber Machine kompaniýasynyň teklip eden tehnologiýasy dokalmaýan matanyň täze görnüşini almaga mümkinçilik berýär. Hollofaýber içi boş burulan sintetik süýümlerden alynýar. Süýümiň aşa burulmasy netijesinde togalak polimer pružinler döreýär, netije...

DOWAMY
pic
26 Noý

AŞGABATDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMÄGE GARŞY GÖREŞMEK BARADAKY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň (Ýewraziýa topary) 31-nji Umumy mejlisi açyldy. Ýewraziýa toparynyň wezipesi halkara terrorçylygynynyň howpyny, döwletleriň maliýe ulgamynynyň aýdyňlygyny, ynamlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly azaltmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr. Umumy mejlisiň işine Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň we...

DOWAMY