SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE ABŞ WAŞINGTONDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
20-nji noýabrda Waşingtonda Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda piki...
TÜRKMENISTAN WE ÝB ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYLYGYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlik iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şol gün P.Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar....
STAMBUL UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TÜRK DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, TÜRKSOÝ türki medeniýetiň halkara guramasy we Stambul uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Dabara Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary, TÜRKSOÝ guramasynyň başlygynyň oru...
TÜRKMENISTAN BILEN MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BERKEÝÄR
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amal...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...
MERKEZI AZIÝADA SUW SERIŞDELERINI DURNUKLY DOLANDYRMAK ÜÇIN INNOWASIÝA TEHNOLOGIÝALARYNY ULANMAK – ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2019-njy ýylyň 14-15-nji noýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi suw serişdelerini dolandyrmak üçin innowasion tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy tejribeler we standartlar boýunça sebitleýin duşuşyk üçin meýdança döretmek maksady bilen okuw maslahatyny gurnady. Suw hojalygy boýunça döwlet komitetiniň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň wekillerinden daşary olary...
ADALATÇYNYŇ DIWANY BILEN BEÝLEKI EDARALARYŇ HYZMATDAŞLYGY TÜRKMENISTANDA ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2019-njy ýylyň 12-13-nji noýabrynda Aşgabatda ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge we Türkmenistanda adam hukuklaryny goramaga gönükdirilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudak edaralaryndan, şol sanda, Adalatçynyň diwanyndan, Içeri işler ministrliginden, Mejlisden, Ýokary Kazyýetden, Adalat ministrliginden, Aklawjylar kollegiýasyndan, Baş Prokuraturadan we Bilim ministrliginden wekiller gatnaşdylar. ÝHHH-niň demokratik institutlary we adam...