SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY
2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Pasportlar 14 milletiň wekillerine gowşuryldy. Raýatlyk alanlaryň ýarsyndan gowragy – aýallar we gyzlar. Dabara ýu...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi. Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ýaşulular, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly döwlet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň etrapdyr obalarynyň zähmetkeşleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgy...
BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi. BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sagly...
Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi
Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolup durýan, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy gaýrag...
TÜRKMENISTANLY MUGALLYM ASTRAHANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MEKDEBINDE OKADYP BAŞLADY
Rus tarapynyň çagyrmagy esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda Astrahan welaýatyna türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew geldi, ol Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady. Türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýandyr. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EÝRANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI BAŞ KONSULY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky we ko...
OWGANYSTANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mirwaýs Nab bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sazlaşykly pugta...