SOŇKY HABARLAR
TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bed...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNDA GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ussat çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, şeýle-de döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke atynyň keşbiniň sungatda iň gowy şekillendirilmegi boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerindäki bu dabaralar Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilýär....
TÜRKMEN SÜRÜJILERI ASTRAHANDA GEÇÝÄN “KAGANYŇ ALTYNY-2019”ATLY RALLI-REÝDE ÜSTÜNLIKLI GIRIŞDILER
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Astrahan oblastynda Russiýanyň ralli-reýdler boýunça ýaryşynyň ikinji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdi başlandy. Bu halkara ýaryşyna Türkmen awtomobil sportuna “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan tejribeli sürüjiler wekilçilik edýärler. “Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýdi üç günläp dowam edýär we oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gatnaşýar. Ýaryşyň umumy uzynlygy 700...
TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILJEK DABARALAR
Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de Halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçiriler. Mundan başga-da, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan...
TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR
2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...
AŞGABATDA TÜRKMEN-BRITAN SÖWDA-SENAGAT GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Britan tarapyndan mejlise Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY BOÝUNÇA LEKSIÝALAR
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin leksiýalar geçirildi. Leksiýalar Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň wekilleri...