SOŇKY HABARLAR
DÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary, maýa goýumlar...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlar...
BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda Bahreýn Patyşalygynyň “Gulf Petrochemical Industries Company” (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş sapar bilen bolýar. Saparyň çäklerinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle-de nebitgaz we himiýa toplumlaryna gözegçilik edýän ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasy...
BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy. Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim...
ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA
2019-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda...