RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Dek

Türkmenistanyň DIM-de türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan öz işini tamamlan türkmen Ilçilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem olar ýörite diplom bilen sylaglandylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatlarynyň işlemeklerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsun sözlerini aýtdylar...

DOWAMY
pic
21 Dek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy.  Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär...

DOWAMY
pic
21 Dek

Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy

Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy. 49 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa çykyş edip, itekläp götermekde 100 kilogramy galdyrmagy başardy. Bu bolsa agyr atletikaçy türkmen türgenine bürünç medaly getirdi. Jemi göteren agramy boýunça 175 kilogram netije ýaryşda bäşinji görkeziji boldy. Ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda agyr atle...

DOWAMY
pic
21 Dek

Türkmenistanyň DIM-de Gambiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...

DOWAMY
pic
19 Dek

Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler

2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...

DOWAMY
pic
15 Dek

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasy...

DOWAMY
pic
14 Dek

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Hormatly nebitçiler,  gazçylar we geologlar!  Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.  Türkmen...

DOWAMY