SOŇKY HABARLAR
GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň – ýerine ýetiriji sekretarynyň Başlygynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýerine ýetiriji komitetiniň – ýerine ýetiriji sekretarynyň Başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Aleksandrowiç Guminskiýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň GDA-nyň çäginde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdiler...
Türkmenistanyň ulag başlangyçlaryna bagyşlanan brifing
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...
ÝTÖB-niň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...
Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Migel Lekaro Barsenas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Panama Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstün...
Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär
2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň holdinginiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bil...
Lapis Lazuli halkara maslahaty öz işini dowam etdi
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işini plenar mejlisleri görnüşinde dowam etdi. Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar ulag-üstaşyr geçelegeleriniň ösüşi ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine, multimodal gatnawlaryň we Lapis Lazuli ulag geçelgesinde hem-de halkara üstaşyr geçelgelerinde olaryň mümkinçiliklerine,...