RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Noý

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirilýär

2018-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşygy geçiriler.

DOWAMY
pic
19 Noý

ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

2018-nji ýylyň 21-24-nji noýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary bilen gelmekligine garaşylýar. Saparyň çäklerinde ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Bilim ministrliginde hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary bolar. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanyň Aşgabat şäherin...

DOWAMY
pic
16 Noý

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkezi sebitiň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýygnagyny gurnady

2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň guramagynda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 8-nji her ýylky duşuşygy geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekowyň açmagynda geçirilen bu çärä Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we BMG...

DOWAMY
pic
16 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary dowam etdi

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýany...

DOWAMY
pic
15 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi.  Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy...

DOWAMY
pic
15 Noý

Türkmenistanyň polat ýollarynyň geçirijilik kuwwaty artýar

Ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzyň amala aşyrýan taslamalary halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.  Milli ulag strategiýasynyň esasynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden ençeme asyrlaryň dowamynda geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
pic
15 Noý

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türken-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...

DOWAMY