RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisine gatnaşdy

2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...

DOWAMY
pic
7 Maý

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.  Žurnal 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda, şeýle hem Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owga...

DOWAMY
pic
7 Maý

Buharestde häzirki zaman multimodal ulag infrastrukturasyny döretmäge bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik instituty bilen bilelikde «Häzirki zaman multimodal ulag infrastrukturasyny döretmek-Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde üstünligiň girewi» diýen at bilen tegelek stol geçirdi. Rumyniýanyň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretary Maria Magdalena Grigore bu çäräniň esasy myhmany bolup gatnaşdy. Şeýle-hem tegelek stola Rumyniýanyň DIM-niň, Parlamentiniň, Biznes gurşawy...

DOWAMY
pic
7 Maý

Türkmenistan we Indoneziýa geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halka...

DOWAMY
pic
4 Maý

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşyna gatnaşmak maksady bien Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýat...

DOWAMY
pic
3 Maý

Awazada Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 3-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. “Deňiz” myhmanhanasynyň maslahatlar merkezinde geçen duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglar birleşiginiň (IRU) we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.   Gün tertibine sebit we sebi...

DOWAMY
pic
3 Maý

Berlinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy.   Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, şeýle hem telekeçilik birleşikleriniň we işewürler toparynyň wekil...

DOWAMY