RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde Rumyniýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Opreanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.  Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň işjeňleşdirmegiň mü...

DOWAMY
pic
16 Apr

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) j-p Mohamed Şariff Anis bilen duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, türkmen tarapy geljekde netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ynam bildirdi we bu ugurda Ilçä ählitaraplaýyn ýardamlary hem-de goldawlary amala aşyrmakda t...

DOWAMY
pic
14 Apr

Türkmenistanyň Ilçihanasy Ankarada köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäresini geçirdi

Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, Ilçihananyň tarapyndan 2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň...

DOWAMY
pic
13 Apr

«Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça hünärmenleriň duşuşygy

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda  Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň...

DOWAMY
pic
13 Apr

Aşgabatda ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Tür...

DOWAMY
pic
13 Apr

Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerini ara alyp masla...

DOWAMY
pic
11 Apr

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy. Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap,  Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýol...

DOWAMY