RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Mar

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sebitleýin iş duşuşygyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen hat...

DOWAMY
pic
12 Mar

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasy bilen Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň mejlisi öz işine başlady

2018-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on üçünji mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar, bu iş toparynyň on ikinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine ýokary baha be...

DOWAMY
pic
12 Mar

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça üçünji duşuşyk öz işine başlady

2018-nji ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça üçünji duşuşyk öz işine başlady. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Fed...

DOWAMY
pic
10 Mar

Döwlet Baştutanymyz Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar

9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanag...

DOWAMY
pic
10 Mar

Bakuda «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Nebit we senagat döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga akademikler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen we Hytaýdan, Hindistandan we Bangladeşden talyplar gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ý...

DOWAMY
pic
9 Mar

Aşgabatda türkmen-türk syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türk tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym ýobaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklaryň ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň gidişi bilen hoşal...

DOWAMY
pic
9 Mar

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi

2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda  Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny w...

DOWAMY