SOŇKY HABARLAR
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Ýe.Astrahansewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary döwlet derejesindäki işjeň syýa...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Türkmenistan diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşinde dikeltmän, sebitiň örän möhüm ulag geçirijisine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Bu wezipeler ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi hem-de oňyn başlangyçlar b...
Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň edarasynyň agzalygyna saýlandy
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...
Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy nukdaý-nazarlaryna we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä KR-yň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Merkezi Aziýa - Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň,...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Maryda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara böl...