RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

Türkmentelekom hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy limitsiz Internet üçin bahalary azaltmak boýunça çäre geçirýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler. Tizligi 256 Kbit/s deň bolan Internet bir aýda 135 manat (ozal 190 manat) bahasy boýunça, 512 Kbit/s çenli 50 manat (ozal 250 manat) bahasy boýunça 2048 Kbit/s çenli 250 manat bahasy (ozal hyzmat e...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistandaky ÝHHG-niň seminary

Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik  edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýal...

DOWAMY
pic
13 Okt

Türkmenistan-Owganystan sebitleýin ykdysady integrasiýasynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy

2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentlerini...

DOWAMY
pic
12 Okt

Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary sýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oman tarapynyň wekiliýetine Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dr. Mohammed bin Awadh Al Hassan ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleler girizildi. Hususan hem, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgaml...

DOWAMY
pic
11 Okt

Hormatly Prezidentimiz GDA döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady.   Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry...

DOWAMY
pic
11 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti: innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda açylýan I Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi. Onda şeýle diýilýär: Hormatly foruma gatnaşyjylar! Gadyrly alymlar! Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynyň işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirme...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýynd...

DOWAMY