img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Noý

Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhim...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Bu şatlykly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny dabaralandyrýar. Türkmen topragynyň ähli künjeginde ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçýän ählihalk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş toplumlary, durmuş, medeni hem-de senagat maksat...

DOWAMY
pic
27 Okt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenilýän berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Mundan ýigrimi alty ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ös...

DOWAMY
pic
26 Okt

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan leksiýalar

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...

DOWAMY
pic
26 Okt

Giresunda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Baýramynyň dabarasy

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabry Perşenbe güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygyna bagyşlap Ilçihanamyzyň tarapyndan Giresun uniwersiteti bilen  "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy" atly dabaraly çäre geçirdi.  Çäräniň dowamynda maslahat we baýramçylyk konserti guraldy. Çärelere Giresun uniwersitetiniň prorektorlary, professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Giresun şäherinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaş...

DOWAMY
pic
24 Okt

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly kottež jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjegine boldy Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirkiaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi. Bu taslamanyň durmuşa...

DOWAMY
pic
21 Okt

“Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” döwrüň we siwilizasiýanyň gepleşigi

2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...

DOWAMY