SOŇKY HABARLAR
V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar. Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, Se...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR
2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-minitriniň orunbasary - Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Eduardowiç Prihodkonyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly üns berip, şeýle hem döwletara gatnaşygyny...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDAKY TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rus tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi we onuň dowamynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu söhbetdeşligiň çäklerinde esasy üns ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygynyň taýýarlygyna gönükdirildi.
GRUZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI GIORGI KWIRIKAŞWILINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Aşgabatda resmi sapar bilen boldy. 30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi. Gruziýanyň Premýer-ministri bilen salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň netijelerine kanagatlanma...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-GRUZIN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşygy açyp, toparyň başlyklary döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp geçdiler we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň öndürijilikli hyzmatdaşlygyny işjeň giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň st...