RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

2016-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gürrüňdeşligiň barşynda bu gatnaşyklaryň düýp manysynyň iki doganlyk ýurduň we halkyň ara...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Gynanç hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Stambul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanjyny bildirýär. Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar. Şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz öz adyndan gurban bolanlaryň dog...

DOWAMY
pic
16 Iýun

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI ÖWÜŞGIN ATÝAR

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanan ýokary depginli özgertmeleri bilen sebitde we dünýäde durnuklylygyň nusgasy bolmaga dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat döwletine öwürmek ugrunda ähli ähli pudaklara ägirt uly möçberlerde maýa goýumlar gönükdirilýär.  Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaşyny alýan taryhyna we baý medeniýetine goýýan sarpasynyň subutn...

DOWAMY
pic
13 Iýun

TÜRKMENISTAN V AZIÝA OÝUNLARYNA TAÝÝARLANÝAR

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe güýçli depginler bilen özgerýän Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Türkmen halky bol-elin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary we mekdepleri gurlup ul...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENİSTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy hem-de 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 1-nji iýunynda Ankara şäheriniň Hajettepe döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.  Malahata Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň käbir deputatlary, Söwda we...

DOWAMY
pic
18 Maý

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMEN AKYLDAR ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

2016-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ankara şäherinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirdi.  Gül goýmak dabarasyna Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

DOWAMY
pic
12 Apr

TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2016-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.

DOWAMY