SOŇKY HABARLAR
The delegation of Turkmenistan took part at the ministerial meeting "Central Asia - China"
On April 27, 2023, the Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan V.Hajiyev took part in the fourth meeting of the Ministers of Foreign Affairs in the format "Central Asia - China" in the city of Xi'an. During the meeting, which was attended by the heads of the foreign ministries of Turkmenistan, Kazakhstan, Kyrgyzstan, Tajikistan, Uzbekistan and China, priority issues of interaction between the states of Central Asia and China were discussed, topical areas for further partnership wer...
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alny...
Ýaşlar syýasaty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sung...
Italiýanyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy gecirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ sapary tamamlandy
Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...
ABŞ-da her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn masla...