SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döredijilik işgärleri, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Astana Halkara Maliýe Merkeziniň Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajyýew iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Astana Halkara Maliýe Merkeziniň (AIFC) Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýew bilen duşuşyk geçirdi. AIFC wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary Gazagystanyň başlangyjy bilen gurnaldy. Merkeziň ileri tutýan maksady, deňagramly maýa bazaryny ösdürmek we häkimliklere we beýleki döwlet edaralaryna...
The regular meeting of the Inter-ministerial Commission of Turkmenistan on the Caspian Sea
On February 1, 2023, a regular meeting of the Inter-ministerial Commission of Turkmenistan on the Caspian Sea was held in the the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan. The meeting was attended by the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan R.Meredov, as well as the heads of a number of ministries and relevant state agencies of the country. During the meeting, the results of the activities of the Inter-ministerial Commission for the year 2022 were considered, the draft Action Pla...
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnag...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Parlamen...
Telephone conversation between the Presidents of Turkmenistan and Tajikistan
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar. Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar. Türkmenistanyň Daşary işler mi...