SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy
2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...
Türkmen-türk gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkeziniň çäklerinde (DÖMYUM) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýewiň, şeýle hem institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn formatyndaky I duşuşygyň ähmiýetine bagyşlanyp, onuň barşynda Ilçi talyplara tü...
Ýaponiýada iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti köp sanly duşuşyklary geçirdi
022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaş ýurtlara ýapon tejribesine esaslanýan amaly bilimleri almaga mümkinçilik berýän JICA-nyň işleýşinde okuw maksatnamalarynyň ähmiýeti barada bellenildi. JICA-nyň okuwlarynyň ykdysadyýet we maliýe, bilim, telekeçilik, tebigy gaz tehnogologiýalary, ulag we logistika hem-de syýahat...
AHALYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINE ŞÄHER DEREJESI BERILDI WE “ARKADAG” DIÝLIP ATLANDYRYLDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky habary aýtdy. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler. Şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandy...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähmiýet bermek bilen, taraplaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze tapgyra gadam basan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mund...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarl...