SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY
2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE ÄDIMI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy. Milli Assambleýanyň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we beýleki resmi adamlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny gül...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň Baş sekretaryna 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi bolsa şol ýylda türki dünýäsin...
TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDE TÜRKIÝÄNIŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ BEÝIK MILLET MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentim...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna Stambulda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna, şikes ýetmelere we ejir çekmelere getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy 14.11.2022