RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ABŞ-NYŇ OWGANYSTANYŇ MESLELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başla...

DOWAMY
pic
8 Iýun

NUR-SULTANDA “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ÜÇÜNJI MASLAHATY TAMAMLANDY

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Maslahatyň dowamynda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada netijeli we täsirli köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ara alyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny i...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Myhman...

DOWAMY
pic
4 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI GURALAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY

3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen  «Welosiped» binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,...

DOWAMY
pic
3 Iýun

ANKARA ŞÄHERINDE BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Eýmir kölüniň daş-töwereginde welosiped ýörişi geçirildi. Köpçülikleýin welosiped ýörişine Ilçihananyň işgärleri, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BDS) Türkiýedäki merkeziniň, TRT döwlet teleýaýlymynyň, Anadolu Ažans (AA) köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň,...

DOWAMY
pic
3 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA SAPARY TAMAMLANDY

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady. Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy M...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. D...

DOWAMY