SOŇKY HABARLAR
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINDE“PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÄHLUMUMY MEDENIÝETINI KEMALA GETIRMEGIŇ GUMANITAR ÖLÇEGI” ATLY PLENAR MEJLIS GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda, “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy medeniýetini kemala getirmegiň gumanitar ölçegi” atly plenar mejlis geçirildi. Mejlisi Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, Doktor, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp bardy...
PLENAR MEJLISIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAKDAKY ORNY BELLENILIP GEÇILDI
2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Matymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Parahatçylyk medeniýeti bilen bütindünýä durnukly ösüş gün tertibiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi. Mejlisi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko alyp bardy. Şeýle hem onda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»
11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...
AŞGABATDA HALKARA PARAHTÇYLYK WE YNANYŞMAK MASLAHATY GEÇIRILDI
Şu gün, 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi. Aşgabatda geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Çärä şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň ýolabşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pu...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ “ITALIÝA-MERKEZI AZIÝA” DÜZÜMDÄKI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit...
DUŞANBE ŞÄHERINDE MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary,...