RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.  Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we...

DOWAMY
pic
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynd...

DOWAMY
pic
30 Sen

Türkiýäniň Samsun şäherinde Türkmenistanyň 
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilip geçildi

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Samsun şäheriniň “Ondokuzynjy maý” uniwersitetinde maslahat geçirildi. Bu çärä Türkiýäniň Mejlsiniň deputaty Bedri Ýaşar, Ilkadym etrap häkimi Nejattin Demirtaş, “Ondokuzynjy maý” uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary h...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...

DOWAMY
pic
28 Sen

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellendi

2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Şeraton" myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi. Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň Mejlisiniň käbir deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzda işleýän işewür adamlar, daşary ýurt Ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň we...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DÜNÝÄNIŇ DÜRLI ÝURTLARYNDA ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we başga-da ençeme çäreler gurnalýar. Şeýlelikde, 23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowç...

DOWAMY
pic
27 Sen

ŞANLY SENE MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti gurnaldy. Soňra paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.  Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, dronlaryň görkezme çykyşy, baýramçylyk feýerwerkleriniň atylmagy bilen tamamlandy.

DOWAMY